29-njy aprelde
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik
geçirildi.
Söhbetdeşler
telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen
baglylykda, giň geografik çäkleri gurşap alan hem-de köp döwletleriň we
halklaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus (COVID-19) pandemiýasy
baradaky mesele gozgaldy. Bellenilişi ýaly, koronawirus ýokanjynyň täze
görnüşiniň ýaýramagy ählumumy häsiýete eýe boldy we dünýäde kynçylykly
ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýä
bileleşiginiň ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde
edýän tagallalaryny doly goldaýar. Biziň ýurdumyz bu ýowuz howpa garşy netijeli
göreşmek üçin ylalaşykly hereketlere gönükdirilen hem-de dünýäniň ähli
halklaryna mahsus bolan iň gowy häsiýetlere, ýagny ynsanperwerlige, özara
goldawa we raýdaşlyga daýanýan halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda
çykyş edýär.
Prezident
Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk
gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, milli Liderimiziň ählumumy abadançylygy
üpjün etmäge gönükdirilen sebit we halkara gatnaşyklary ösdürmek, döwrüň möhüm
meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky
başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.