3-nji
maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler
mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara
alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we
birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen
hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň
dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasynda asyrlaryň dowamynda
kemala gelen we soňky ýyllarda has-da ösdürilýän, deňhukuklylygyň, hoşniýetli
goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine we ýörelgelerine
esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen
nygtadylar.