9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.
Baýramçylyk dabaralary möhüm waka — Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gymmatly mukaddesligi
alyp gelen uçaryň gelip gonmagy bilen alamatlandy. Uçaryň bortunda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet
Annaýewiň söweşen
206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bar.
Giň möçberli baýramçylyk çäreleri
Watana bolan söýgini hemme zatdan ileri tutýan türkmen esgerleriniň dabaraly
harby ýörişi bilen dowam etdi. Olar häzirki döwürde beýik Garaşsyzlygymyzyň
gazananlarynyň, mähriban Watanymyzyň parahatçylygynyň, halkymyzyň abadan we
döredijilikli durmuşynyň goragynda bek durup, şöhratly pederlerimiziň
watansöýüjilik däplerini mynasyp dowam edýärler.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna,
uruş we zähmet weteranlaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda şöhratly baýram — 1941
— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda örän uly kynçylyklar hem-de
pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramynyň giňden
bellenilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şu şanly günde
uruş weteranlaryna, tylyň zähmetkeşlerine, ýurdumyzyň ähli raýatlaryna,
Arkalaşygyň ýurtlarynyň, beýleki daşary döwletleriň halklaryna tüýs ýürekden
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw
etdi.