Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine
girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.
Milli
Liderimiz Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha
berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi.
Şu ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Boris Jonsona
berk jan saglyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň dostlukly halkynyň gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen
ähli başlangyçlarynda, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.