18-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Baku şäherinde
geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmak maksady bilen,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda Azerbaýjan
Respublikasyna bellenilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde
hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy
üpjün etmek maksadynda harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we umumy tagallalary
utgaşdyrmak ýörelgelerinde dünýä ýurtlaryny birleşdirýän Goşulyşmazlyk hereketi
hem bar.
Milli Liderimiziň Baku şäherinde geçiriljek
sammite gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, milli bähbitleri
we ählumumy ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has
netijeli görnüşlerini kesgitlemäge sazlaşykly çemeleşmeleri döretmekde
Türkmenistanyň başlangyjynyň hem-de işjeň nukdaýnazarynyň nobatdaky
subutnamasyna öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň gün tertibiniň
möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek
işinde bu sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara giňişliginde
alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk
eýerýändigini belledi.