01.12.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri bilen duşuşdy
22.11.2022 41 Habarlar

21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, geljegi uly ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda, nebiti gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagaty we ulag ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.