Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň
Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul
etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen
mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Aziýanyň ösüş bankynyň ykdysady taýdan
durnukly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini
belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan
bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan özara hereketleriň netijeli
häsiýete eýedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, şu ýyl bu hyzmatdaşlyga 25 ýyl
dolýar. Geçen döwrüň içinde bu bank Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady
ösüş üçin uly ähmiýete eýe bolan köp sanly taslamalary maliýeleşdirmäge
gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika,
ulag, saglygy goraýyş ýaly ulgamlary öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyz
bilen bu maliýe guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar 2024 — 2028-nji ýyllarda
Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk
maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurdumyzyň
ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýändigine
aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň
maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara
düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi
berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy pudagy ösdürmek maksadyna laýyklykda, bu düzümiň ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi.