7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň
parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul
etdi.
Duşuşygyň barşynda
halkara syýasatyň we sebitara gatnaşyklaryň meseleleri, hususan-da, ählumumy
parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen
baglanyşykly meseleler boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy we
meňzeşdigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Biziň ýurtlarymyz diňe bir
ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem, BMG, Türki
Döwletleriň Guramasy, GDA, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly
guramalaryň çäklerinde hem gatnaşyk edýärler.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara
gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň
üstüni ýetirmelidir, olaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmalydyr we täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň, iki
ýurduň parlamentleriniň duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň işjeňleşdirilmeginiň däp
bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam
bildirildi.
Şu gezekki parlament wekiliýetiniň düzümine
türkmen-azerbaýjan dostluk toparynyň ähli agzalarynyň diýen ýaly goşulandygy
bellärliklidir.