10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny hanym Neda Bergeri
kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizi ýetip gelýän baýram — Halkara
Bitaraplyk güni bilen gutlady. Bilelikdäki jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy
hökmünde hanym Berger halkara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni
gatnaşyklar arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine
goşant goşýandygynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz döredijilik taslamalary bilen
hyzmatdaşlygy artdyrmakda görkezýän tagallalary üçin Neda Bergere minnetdarlyk
bildirip, onuň ýolbaşçylyk edýän jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň ähmiýetini
nygtady. Bu jemgyýet ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň
halklarynyň arasynda dostluk, işewürlik, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak,
maglumatlary alyşmak babatynda uly işleri geçirýär.
Myhman 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk
derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljakdygyny belläp,
diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň durmuşynda şanly waka öwrülen bu
sene mynasybetli Awstriýanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda giň möçberli
medeni maksatnamanyň taýýarlanylýandygyny, şeýle hem halkara derejedäki
döredijilik çäreleriniň toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Neda Bergeriň türkmen halkynyň öňden gelýän dostudygyny belledi. Milli
Liderimiz döwletimiziň hemişe Awstriýa, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli
hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigini
nygtap, netijeli medeni hyzmatdaşlygy dowam etmek baradaky pikirini beýan etdi.
Milli Liderimiz iki ýurduň halklarynyň
birek-biregiň häzirki zaman medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmagy üçin
Türkmenistana awstriýaly artistleri we döredijilik toparlaryny has ýygy-ýygydan
çagyrmagy, ugurdaş çäreleri guramagy teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň
25 ýyllygynyň Diýarymyzda we daşary ýurtlarda belleniljek ýylynda
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň maksatnamasyna ünsi çekip, Türkmenistanyň
Awstriýadaky Medeniýet günlerini geçirmegi we Aşgabatda geçiriljek bäşinji Wena
balyny bu şanly senä gabatlap guramak barada pikiri aýtdy.
Myhman jemgyýetiň alyp barýan işlerine hemişe üns
berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Awstriýanyň
jemgyýetçiligi hem-de işewürler toparlary tarapyndan belent halkara abraýa eýe
bolan we ajaýyp ykdysady üstünlikleri bilen haýran galdyrýan Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistana uly gyzyklanmanyň bardygyny nygtady.
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki dostlukly ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk we ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.