milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
04.06.2019 429 Habarlar

3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda sport ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanda 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek işlerine taýýarlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýurdumyzda Welosipedçileriň halkara birleşigi (UÑI) bilen bilelikde ýokary derejeli we halkara ýaryşlarynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply türkmen türgenlerini taýýarlamak maksady esasynda ýöriteleşdirilen mekdebi açmak baradaky pikir öňe sürüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Igor Makarow «Katýuşa — Türkmenistan» toparyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda alyp barýan işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu gün bellenilýän ajaýyp baýramçylyk bilen ýene bir gezek gutlady we milli Liderimize alyp barýan giň möçberli asylly işlerinde uly üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.