milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
29.03.2019 767 Habarlar

28-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Bu kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýär.

Irden işewür Andalyp köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň kesişýän ýerinde oturdylan, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanyna geldi. Birnäçe wagtdan soň bu ýere hormatly Prezidentimiz geldi. Milli Liderimiz we myhman welosipedde söhbetdeşlik edip Halkara ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugradylar. Ol ýerden hem sebitde iri Olimpiýa şäherjigine baryp, ýapyk welotrek zalynda sport welosipedinde öwrüm etdiler.

Söhbetdeşlikde ýokary netijeli sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «ARETI» kompaniýasynyň Hazar deňzinde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, şu gün gol çekiljek «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bu ugurda bilelikde üstünlikli işlemek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Şonuň bilen birlikde myhman Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky «21-nji toplumda» meýilleşdirilýän işler barada habar berdi. Milli Liderimiz holdingiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine işewür çemeleşmesini goldap, aýdylan ähli teklipleriň ýakyn wagtda düýpli öwreniljekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy anyk netijeleri ugur edinýän, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.