15-nji iýunda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk
etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli
desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman
talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän
täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady.
Kölüň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylyşyny synlap, hormatly Prezidentimiz ýörite taýýarlanan münbere
geçdi. Bu ýere hökümet agzalary we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri ýygnandylar.
Şeýle hem bu ýerde täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady
bilen taýýarlanan taslamalar goýuldy.
Taslamalarda kottejler
toplumyndan, durmuş maksatly desgalardan ybarat bolan iri toplumyň geljekki
hemmetaraplaýyn ösüşi, kölüň kenarynda işjeň dynç almak üçin özboluşly ýakymly
gurşawy döretmegiň toplumlaýyn ugurlary, suw güýmenjeleri, şeýle hem bu
ýerleriniň ekologiýa derejesini saklamak bilen baglanyşykly meseleler öz
beýanyny tapdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bermek üçin Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berdi. Wise-premýer milli
Liderimize kölüň ýakasynda Aşgabat şäher häkimligine, senagat-gurluşyk
toplumyna, nebitgaz toplumyna hem-de hukuk goraýjy edaralara desgalary gurmak
üçin ýer bölekleriniň berlendigi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy,
suwa düşülýän zolak abadanlaşdyrylýar, dynç alyş zolagyna barýan ýollar tertibe
salynýar, ýanaşyk çäklerde arassaçylyk işleri geçirilýär.
Milli Liderimiziň
tabşyrygy boýunça taýýarlanylan taslamalaryň hatarynda dolandyryş binalarynyň,
kottejleriň, çaýhanalaryň, söwda merkezleriniň, ýaht klubynyň, myhmanhanalaryň,
fitnes zallarynyň we ýapyk görnüşli howuzlaryň, restoranlaryň, çagalar üçin
oýun meýdançalarynyň, sport meýdançalarynyň, açyk awtoduralgalaryň,
akwaparklaryň, medeni çäre geçirilýän ýerleriň, welosipedleriň kärendesine
berilýän nokadyň we ulag sürülýän ýodanyň, seýilgähleriň, saglyk öýüniň,
kenarýaka gaýyk duralgasynyň, söwda nokatlarynyň birnäçe görnüşleri bar.
Geljekde bu täze dynç
alyş zolagynyň işgärleriniň sany artar, çünki, bu iri taslama sebiti ösdürmäge
itergi berer hem-de uly toplum az wagtdan paýtagtymyzyň özbaşdak dolandyryş –
çäk bölegine öwrülip, ol Altyn etrap diýlip atlandyrylar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.