Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iş saparyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýaş nesil, onuň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny bermek çözgüdi barada aýtdy.
Milli Liderimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze, döwrebap ýörite awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ýaş nesil baradaky aladasy hem-de ýurdumyzyň lukmançylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.