Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal
welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana
obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut
geňeşliginiň Bagtly zamana obasynda 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, 640
orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, söwda merkeziniň, geňeşligiň
edara binasynyň gurlup, ähli döwrebap şertler bilen üpjün edilendigini
belleýär.
Nygtalyşy ýaly, Bagtly zamana obasy geňeşligiň täze
taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, oba ýaşaýjylarynyň medeni-durmuş derejesiniň
we hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder. Obanyň gurluşygynyň giň gerimli
özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant
goşýan türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn
guwandyryjydyr.