5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan —
ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «Nicklaus
Companies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables»
kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate
Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.
Hormatly
Prezidentimiz we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir
alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň
hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklara täze itergi
berjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi anyk netijeleri gazanmaga
gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň Türkmenistan bilen
ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna
beslenýändigi bellenildi. Şu geçen ýyllarda oňyn döwletara gatnaşyklar
yzygiderli ösdürildi.
Işewürler mazmunly,
giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly
türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de bilelikdäki täze
taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir
gezek tassykladylar.