milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
27.06.2019 361 Habarlar

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň milli Liderimize aýdan mähirli salamyny ýetirdi

Döwlet Baştutanymyz jenap Mettýu Stiwen Klimowy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy babatda işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar.