3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan
Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.
Ýurdumyzyň şaýollaryna we köçelerine sagdyn
durmuş ýörelgesine eýerýän welosipedçileriň köpsanlysy çykdylar. Şonuň bilen
birlikde, ekologiýa meselesi Welosiped gününiň çäreleriniň esasy maksatlarynyň
biri bolup durýar. Paýtagtymyzda bu çäräniň Awtoulagsyz gün diýlip yglan
edilmegi ýöne ýere däldir.
Howa nusgalyklarynyň deňeşdirilmegi
netijesinde awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň, degişlilikde, zyňyndy
galyndylaryň çäklendirilmegi bilen, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt
dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň
möçberi iki esse peseldi. Şeýlelikde, zyýanly zyňyndylaryň esasy çeşmesi bolan
awtoulaglaryň hereketlerini çäklendirmek çäresi, hakykatdan-da, düýpli netije
berdi — paýtagtymyzda howanyň arassaçylyk derejesi ep-esli ýokarlandy.