Türkmen türgenleri 22 – 25-nji iýun aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde geçen
para pauerlifting boýunça Dünýä kubogynyň tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaryşyň netijeleri boýunça ýokary taýýarlyk derejesini, ýeňişe ymtylyşy we
sport ussatlygyny görkezip, Türkmenistanyň milli ýygyndysy alty kümüş we bir
bürünç medal gazandy.
Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň hemaýat etmeginde çykyş eden
milli ýygyndymyzyň düzümine şu türgenler girdi:
Milli ýygyndynyň baş tälimçisi - Tahyr Şorohanow.
Para pauerlifting boýunça Dünýä kubogy 2028-nji ýylda
Los-Anželesde geçiriljek Paralimpiýa oýunlary (LA2028) üçin hökmany saýlama
ýaryşydyr. Şu nukdaýnazardan,
türkmen milli ýygyndysynyň gazanan üstünlikleri Los-Anželesdäki Paralimpiýa
oýunlaryna saýlanmak ýolunda möhüm ädim bolup durýar.