Hormatly mugallymlar we bilim
işgärleri!
Mähriban uçurymlar!
Sizi uly
joşguna we şatlykly pursatlara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw
ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz bagtyýar
ýaşlarymyzdan beýik işlere garaşýarys. Şoňa görä-de, döwrebap mekdepleri we
bilim-terbiýe beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, tolgundyryjy hem-de ýatdan
çykmajak pursatlary başdan geçirýän mähriban uçurymlara täze durmuş ýolunda uly
üstünlikleri arzuw edýärin!
Hemişelik
Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän ýylynda mekdepleri
tamamlaýan oglan-gyzlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine
gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim,
jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde esasy
daýanjymyzdyr. Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak —
Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň
bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly
bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň abadan geljegi üçin
bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama
kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan ýaşlarymyzyň belent borjy we esasy
maksady bolmalydyr.
Ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklarynda gazanýan üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde
ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri
üstünlikli çözmekde mähriban ýaşlarymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we
tutanýerli zähmeti uly buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, siz
ata-babalarymyzyň beýik däplerini mynasyp dowam etdirip, geljekde özüňiziň
bilimiňiz, ukyp-zehiniňiz bilen eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny,
şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz.
Hormatly mugallymlar we bilim
işgärleri!
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen
döwletleriniň derejesine çykarmaga, ilkinji nobatda bolsa, ylymly-bilimli, giň
dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalary kämil derejede ulanyp bilýän,
Watanymyza we halkymyza wepaly sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge
gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Kabul edilen milli
maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman orta
we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş-sagaldyş
merkezleri guruldy hem-de gurulýar. Bilim edaralaryny ýokary hilli okuw
kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk
gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlaryny ornaşdyrmak işleri
yzygiderli alnyp barylýar.
Umumybilim
berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bilime geçirilmegi, ýaş nesliň ylymlara
we bilimlere höweslendirilmegi, tebigy zehinleriniň açylmagy, ösdürilmegi
hem-de hemmetaraplaýyn goldanylmagy bu gün jemgyýetimiziň bilim derejesini
düýpgöter ýokarlandyrýar. Biziň alyp barýan bilim syýasatymyz iri halkara
guramalary hem-de dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli
gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem ýardam berýär.
Döwrümiziň
baş ýörelgesine öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp,
biz bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy mundan beýläk-de dowam ederis.
Geljegimiz
bolan ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegi, abraýly we
hormatly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi
biziň hemişelik aladamyz bolmagynda galar.
Mähriban uçurymlar!
Ýaş nesil
barada döwlet derejesinde edilýän aladalar hem-de amala aşyrylýan özgertmeler
öz ajaýyp miwesini berýär. Bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge
höwesli ýaşlarymyz halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp
bolýarlar. Dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza, halkymyza mynasyp
wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz
örän guwanýarys!
Bilim
jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ösüşleriniň binýadydyr. Şoňa görä-de,
ýürekleri hyjuwly bagtyýar uçurymlarymyz beýik maksada — ýurdumyzy mundan
beýläk hem gülledip ösdürmäge gönükdirilen işlerimize gowy okamak,
döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur
aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar. Çünki Bitarap Watanymyzyň
dünýädäki abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek täze nesil biziň esasy
daýanjymyzdyr.
Hormatly mugallymlar we bilim
işgärleri!
Mähriban uçurymlar!
Sizi
«Soňky jaň» dabarasy we okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar
durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.