Hormatly mugallymlar we bilim
işgärleri!
Mähriban uçurymlar!
Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan ajaýyp
bilimler baýramy — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine
gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim,
jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar
esasy daýanjymyzdyr. Biziň beýik geljegimiz, berkararlygymyz we
bagtyýarlygymyz, ähli üstünliklerimiz watansöýüjiligi, dostlugy we agzybirligi
ýörelge edinen ýaşlarymyzyň — siziň edep-terbiýäňizde, giň aň-düşünjäňizde,
ylym-bilimiňizde, döredijilikli zähmetiňizde, eziz Diýarymyza, mähriban
halkymyza bolan hakyky söýgiňizde hem-de milli buýsanjyňyzda jemlenendir.
Her güni beýik maksat üçin — Garaşsyz Diýarymyzy
şöhratlandyrmak, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, zähmet
çekmek bilen geçirmek uly mertebedir. Şoňa görä-de, kuwwatly Watanymyz üçin
bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama
kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan mähirli, göwnaçyk we maksada
okgunly ýaşlarymyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.
Tehnologik ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerimizde,
eýeleýän belent sepgitlerimizde mähriban halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň
hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli
amala aşyrmakda mähriban ýaşlarymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we
tutanýerli zähmeti uly buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, siz
ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş
kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip,
geljekde özüňiziň bilimiňiz, zehiniňiz, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny,
ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini dolandyrmakdaky başarnygyňyz bilen eziz
Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz.
Mähriban uçurymlar!
Biz döwlet syýasatynda ýurdumyzyň durnukly
ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, şol sanda
halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen aň-düşünje, ruhy-ahlak,
dünýägaraýyş, paýhas gymmatlyklaryny özünde jemleýän bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga,
ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýelemäge
örän uly ähmiýet berýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul
edilen milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki
zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we
sagaldyş merkezleri guruldy. Bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de
gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze
tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp
barylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 —
2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde
durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda umumybilim berýän
mekdepleriň gurluşygy hem dowam edýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany»
ýylynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäginde häzirki zaman
ýaşaýyş jaýlary, saglyk we medeniýet öýleri, söwda merkezleri, stadion, muzeý
bilen birlikde, umumybilim berýän täze mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň
gurluşygyna badalga berilmegi bilim ulgamynda alyp barýan özgertmelerimiziň
netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Hormatly bilim işgärleri!
Bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Şonuň bilen
birlikde, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli
basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly
serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä
derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy
ösdürilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary
bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda döwrebap özgertmeleriň amala
aşyrylmagy bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek bilen,
bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde
bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açýar.
Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmeginiň, bagtyýar durmuşyň hem-de beýik geljegiň, sazlaşykly we
hemmetaraplaýyn ösüşiň hatyrasyna ylymly-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada döwletimiz hemişe uly alada eder.
Hormatly mugallymlar we bilim
işgärleri!
Mähriban uçurymlar!
Sizi uly joşgun-dabaralara beslenýän «Soňky jaň»
dabarasy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş,
eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde
hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.