milli goshun logo
Türkmenistanyň önümçilik kuwwaty – Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki sergilerde
Türkmenistanyň önümçilik kuwwaty – Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki sergilerde
11.08.2019 908 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

Şu günler biziň ýurdumyz senagatyň ösüşini işjeňleşdirmek we önümçilik goruny artdyrmak bilen öz ykdysady kuwwatyny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň importyň ýerini tutýan we daşary ýurtlara eksport etmek üçin meýilleşdirilýän önümleriň köpelmegi üçin geçirýän öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan sosial-ykdysady ösüşiň täze döwrüni başdan geçirýär.

Munuň şeýledigini Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda guralan «Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar» hem-de «Türkmen sähra – 2019» sergileri aýdyň görkezdi.

Sergilerde ýurdumyzda ýaňy-ýakynda hususy telekeçileriň yhlasy bilen öndürilip başlanan ýokary we elýeter bahaly häzirkizaman önümleri görkezildi. Halk arasynda oňyn seslenme gazanan «Güneş» we «Emaý» markalarynda çykarylýan kir ýuwujy serişdeleriniň sergide ýaýbaňlandyrylmagy Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän sergileriň özboluşly bezegi bolupdyr.

Daşary ýurtly telekeçiler ýurdumyzyň iri kärhanalarynyň önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Olaryň arasynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherindäki polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça sebitde iri gazhimiýa toplumy, «Garabogazkarbamid», «Marykarbamid», «Türkmen aýna önümleri» zawodlarynyň we beýleki önümler hem bar.

«Milli goşun».