28-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV halkara maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bu maslahatyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda geçirilýän energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek diňe bir däp bolan çäklerde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlarça ýurtlara onlaýn görnüşde ýaýradylýar.
Dünýäde halkara gatnawlara çäklendirmeleriň girizilmegi sebäpli daşary ýurtly wekilleriň köp sanlysy möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşýarlar. Öňki forumlara seredeniňde, bu ýyl olaryň sany artdy. Şu gezekki maslahatda 30-dan gowrak döwletden iri kompaniýalaryň 100-den gowragy hasaba alyndy. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler toparlary üçin maýa goýum babatyndaky özüne çekijiliginden habar berýär.
Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm ýolbaşçylarynyň öz hyzmatdaşlary bilen bu pudakdaky özara hyzmatdaşlygyň baş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaklary üçin onlaýn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.