Medeniýet hepdeligiň bäşinji gününde Ahal welaýatynyň
dürli künjeklerinde birnäçe çäreler guraldy. Günüň birinji ýarymynda
Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky medeniýet öýünde oba medeniýet
öýleriniň işini kämilleşdirmäge we baý milli mirasymyzy goramaga
gönükdirilen çäreler geçirildi.
Medeni forum Gökdepe etrabynyň medeniýet öýünde
dowam etdi. Bu ýerde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar»
şygary astynda «Asyrlara ýaň salýan dessançylyk sungaty» atly dutar
we beýleki milli saz gurallarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy hem-de
dessançy bagşylaryň konserti geçirildi.
Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni Änew şäherindäki medeniýet öýünde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Parahatlyk aýdymy» atly täze filmiň görkezilişi we kino ussatlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy bilen tamamlandy.