milli goshun logo
Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» adyna eýe boldy
Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» adyna eýe boldy
5 sagat öň 18 Habarlar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyby Bahar Aýdogdyýewa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Gazagystan Respublikasynyň «Bilim Orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşigiñ eminler topary türkmen talybynyñ ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna ýokary baha berdiler.

Bu halkara bäsleşikde gazanylan ýeňiş bilen Bahar Aýdogdyýewa «Merkezi Aziýanyň iñ gowy talyplarynyň» hataryna goşuldy diýlip, habarda bellenilýär.