22-nji
oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň nebiti we
gazy — 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olaryň
esasy wezipesi dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň
üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden,
innowasion tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan
hem-de halkara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmekden ybaratdyr.
«Türkmennebit»
döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum alymlary
we bilermenleri, hökümet düzümleriniň hem-de abraýly guramalaryň, dünýäniň
öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň,
daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekillerini bir ýere jemledi.
Pudaklaýyn
sergi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň
we Amerikanyň öňdebaryjy öndürijileriniň işewür hem-de göni netijeli
gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin oňat çäre bolup hyzmat edýär. Forumyň işi
täze taslamalary ulanmak, dünýädäki ýagdaýlar we pudagy ösdürmegiň geljegi
bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Şu ýyl
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň 60-dan gowragy
öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Şolaryň köp bölegi Azerbaýjan
Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Koreýa
Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň,
Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Singapuryň,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we
beýleki ýurtlaryň kompaniýalarydyr.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy —
2019» halkara sergisi we maslahaty 24-nji oktýabra çenli öz işini dowam eder.