Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Watanymyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we ony milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ulgamyna öwürmek babatda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin!
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen, her ýyl geçirilýän halkara maslahatynyň we sergisiniň energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmekde ähmiýeti uly bolar.
Türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak döwletimiziň energetika syýasatynyň möhüm bölegidir. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly geçiriji ulgamy döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Biz soňky ýyllarda öz hyzmatdaşlarymyz bilen gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik. Olaryň strategik ähmiýeti ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekden, türkmen energiýa serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Soňky döwürde birnäçe iri halkara taslamalarynyň amala aşyrylmagy Ýewraziýa yklymynda täze ýangyç-energetika üpjünçilik ulgamynyň dörändigine şaýatlyk edýär.
«Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň gurulmagy bolsa, sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge kuwwatly itergi berer, ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine oňyn täsirini ýetirer.
Hormatly myhmanlar!
Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebitgaz önümleriniň öndürilişini artdyrmak babatda köp işler amala aşyrylýar.
Soňky ýyllarda nebithimiýa we gazhimiýa pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu ugry ösdürmek, baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Biz bu ugurda gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli kämilleşdirýäris. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Euro-5” standartlaryna laýyk gelýän “EKO-5” kysymly milli dizel ýangyjynyň hem-de polipropilen örtüginiň öndürilip başlanmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Bulardan başga-da, sebit we dünýä bazarlarynyň ýagdaýlaryny, gazhimiýa önümlerine bolan islegleri seljermegiň esasynda gazhimiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatlary işlenip taýýarlanyldy. Onuň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda polimerleri çykarýan iri önümçiligi döretmek göz öňünde tutulýar.
Bu wezipeler pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, uglewodorod serişdeleriniň dünýä energetika bazaryna çykarylýan möçberini artdyrmak bilen bir hatarda, kuwwatly gazhimiýa pudaklarynyň has hem ösmegine mümkinçilik döreder. Ýakynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň ulanylmaga berilmegi, Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde tebigy gazdan “Euro-5” ölçegiň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň ýylda 600 müň tonnasyny öndürýän zawodyň gurluşygynyň alnyp barylmagy bu ugurda gazanýan uly üstünliklerimizdir. Nebitgaz senagatyna degişli şeýle täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitlerimizi toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak wezipelerini çözmäge ýardam berer.
Hormatly adamlar!
Siziň ähliňizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!