17-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisini
geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň
taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlisi açyp, wideokonferensiýa görnüşinde Mejlisiň Başlygyny,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny hem-de harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz wideokonferensiýa gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir biz ýurdumyzda
ajaýyp baýramy - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi
giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belläp geçeris diýdi.
Milli Liderimiz milli senenamamyzdaky bu möhüm sene bilen hemmeleri gutlap, adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biziň çäksiz buýsanýandygymyzy hem-de uly hormat goýýandygymyzy nygtady.