1-nji
oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin
göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň
şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň
içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe
guramaçylyk meseleleri girizildi.