milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
26.04.2019 548 Habarlar

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýakyn günlerde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bagly köp sanly möhüm çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki mejlisde birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitabynyň ýene-de bir jildini ýazyp gutarandygyny habar berdi. Bu kitap behişdi bedewlerimiziň ýatdan çykmajak täsin gözelligine bagyşlanýar. Täze neşir eýýäm beýleki dillere hem terjime edildi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz onuň daşary ýurtly myhmanlarymyza hem gowşurylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.