Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa
ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalara
laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip
gowuşýan teklipleriň esasynda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça
geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şeýle-de Halk Maslahaty, Ministrler
Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary,
welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik
birleşikleri bilen bilelikde geçirilýän degişli taýýarlyk işleri barada
aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow
«Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň»
hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň
taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda zähmet
bazaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz zähmet bazaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady
bilen, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň
Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit»
döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da
döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit»
döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik
kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi
çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän
zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin
işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi
bilen, Diýarymyzda bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki
wagtda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, önüm
öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler
görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny
ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem pagta
arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym
möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak,
pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy
babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň
gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň
gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegini
Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan haýyş etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz pagta ýygymyny guramaçylykly
geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda bu möhüm
çärä başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny «bismilla»
bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal
welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe
önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş
dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal
Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy
boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň Stambul
şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» halkara sergisine gatnaşmagy boýunça
taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Ýaňlan,
Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu telebäsleşigiň jemleýji tapgyryny «Aşgabat»
aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere «Ýaňlan,
Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny hem ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň
jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Arkadag we
Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli aýdymçy çagalaryň
21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si
gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň
merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
sammitine hem-de Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady
bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin we Pekin şäherlerine amala aşyran iş
saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp: «Saparyň
dowamynda geçirilen gepleşikler, gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygymyzy
mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar. Biz Hytaý Halk Respublikasy
bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip aýtdy
we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew
milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere
esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat
ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny we sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda
zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, «Elektron
resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» hem-de «Elektron
hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bu ugurdaky işleri
has-da ilerletmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
degişli resminamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we ony
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýokary
tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, bu
ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.