21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine,
şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz irden «Oguzhan»
köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady. Bu
ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy.
Şäher häkimi
döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimligine baran mahaly
beren tabşyryklarynyň hem-de paýtagtymyzy ösdürmek, onuň demirgazyk böleginde
iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy, şol sanda inženerçilik-tehniki üpjünçiligi
bilen bagly beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra häkime Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.