Düýn – 8-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp
baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda
ýurdumyzyň kanunçylygyny on bir aýyň dowamynda milli parlament tarapyndan
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada maglumat berildi. Şeýle-hem 2023-nji ýylyň ýanwar —
noýabr aýlarynda ykdysadyýet, oba
hojalyk, gurluşyk we senagat, telekeçilik, elektroenergetika, medeniýet, bilim,
saglygy goraýyş, halkara gatnaşyklary, ulag we kommunikasiýalar, nebitgaz ulgamlarynda gazanylan netijeler
hem-de öňde duran wezipeler barada hasabat berildi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp
barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe
bolýandygyny aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, indi ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny belledi. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2024-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy nygtaldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.