6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli
ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň
jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly
meseleleriň birnäçesine garaldy.