Düýn – 22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki
meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk
esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze
kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek
ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip
taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini
belledi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, Täze ýylyň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlaryň gelip gowşandygyny belledi. 19-njy dekabrda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.