milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.04.2025 158 Habarlar

Düýn – 25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklaryny düzýän kadalaryň hukuk esaslary, gümrük meseleleri, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň kanunçylyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutladylar.