Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky iň soňky mejlisini
geçirdi. Onda 2018-nji ýylyň deslapky jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hem-de döwlet
maslahatlarynda, saparlar we halkara duşuşyklary geçirilen wagtynda syýasy,
ykdysady hem-de durmuş häsiýetli meselelere seredildi. Garaşsyz döwletimiziň
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we
resminamalara gol çekildi.
Ministrler Kabinetiniň kabul edýän kararlarynyň hem-de
çözgütleriniň dogrulygy we zerurlygy, biziň alyp baran sazlaşykly işlerimiz,
maksada okgunly hereketimiz, mähriban halkymyzyň giňden goldawy
ykdysadyýetimizde hem-de daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagyň girewi
bolup hyzmat etdi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn
belledi.
Umuman, geçip barýan ýyl ýurdumyz üçin abadançylykly,
üstünlikli, köp sanly möhüm wakalara hem-de rowaçlyklara beslenip, ýatda galan
ýyl boldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ilki bilen, dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän çökgünlige
garamazdan, berkarar Watanymyzyň üýtgewsiz ugur boýunça täze belentliklere
tarap ynamly barýandygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz
kanagatlanma bilen belledi. Bu ugur — Garaşsyzlykdyr we Bitaraplykdyr, giň we
netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlylykdyr, mähriban halkymyzyň bagtyýar
durmuşda ýaşamagydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli
ykdysadyýetimiziň gazananlary barada aýdyp, 2018-nji ýylda halk hojalygynyň
ähli pudaklary boýunça diýen ýaly öndürilýän önümleriň möçberleriniň
artdyrylmagynyň üpjün edilendigini, ýokary tehnologiýaly täze kärhanalaryň işe
girizilendigini belledi. Ata Watanymyz agrar ülkeden senagat taýdan ösen ýurda
öwrüldi. Umuman, geçip barýan ýylyň netijelerini oňyn häsiýetlendirmek bolar
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli
orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň
ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde
edaralarda, häkimliklerde nobatçylyk etmegiň tertibine ýene-de bir gezek
seretmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz jemagat hojalygy gullugynyň,
elektrik energiýasy hem-de suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň,
ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemegini
guramak barada görkezme berdi. Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna
ýurdumyzda tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak
tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda 31-nji dekabry iş
güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hemmeleri ýetip gelen Täze — 2019-njy ýyl bilen
tüýs ýürekden gutlady hem-de Täze ýylda berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny
we bagtyýar durmuş, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.