14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamalara seredildi, käbir möhüm resminamalar kabul edildi.
Ýurdumyz milli
ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge,
durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler
maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary we daşary
ýurtlaryň iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýerlere 2019
— 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.