milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.11.2024 128 Habarlar

Düýn – 29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini aýtdy. Kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli Liderimizi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.