11-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň
ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe
resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni — 13-nji noýabrda Türkmenistanda Hasyl
toýunyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlise
gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň ähli halkyny Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden
gutlap, oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we
ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde
geljekde-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
zähmetde tapawutlanyp, bol hasyl öndüren, ýokary netijeleri gazanan daýhanlary
we oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana
gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa şenbe güni — 12-nji
noýabrda şu ýyl bol hasyl ýetişdiren oba zähmetkeşlerini döwlet sylaglary bilen
sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, onda birnäçe
möhüm meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir
resminamalaryň kabul edilendigini belledi.