22-nji fewralda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.
Milli
Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde sanly ykdysadyýete
bütin dünýäde geljekki ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyny
belledi.
Döwlet
Baştutanymyz her hepdäniň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän
iş maslahatynda ýurdumyzy we onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
welaýatlaryň ykdysadyýeti, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen
baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Hepdäniň anna
güni geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa, wise-premýerler
gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň ýerine ýetirýän işleri
we hepdäniň dowamynda görlen çäreler barada hasabat bererler. Şonuň esasynda
täze wajyp wezipeler kesgitleniler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.