4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi,
wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň
taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu
ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň göz
öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam
etdirýändigini aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy
ýaly, jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesini saklap galmagy başardyk. Ýurdumyzda
iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bellenen
meýilnamalara laýyklykda, 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi. Ýylyň
ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine-de
garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.