milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.03.2025 170 Habarlar

Düýn - 20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.