Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda
ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň iki
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk
bozulmalary hakynda, Jenaýat we Jenaýat iş ýörediş kodekslerine, “Migrasiýa
hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak
hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”,
“Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň
Kanunlaryna we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de
goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.
Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk
maslahatlarynyň agzalarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp
giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň
çykyp giden agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw toparlaryna bu
syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini we saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde
guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.
Çad Respublikasynyň we Indoneziýa Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky
daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini
ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Mejlisiň
deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet
maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalaryň
ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen
bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 14-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri
öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 3-si amala
aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň
ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterime,
gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterime, söwdada 8,5
göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň
boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda jemi
öndürilen önüm 10,3 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik
görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,3
göterim, daşary söwda dolanyşygy 0,8 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet
býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň
meýilnamasy 97 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden
maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň
gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini
mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli işleri alyp barmagyň, jemi içerki
önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, ministrlikler we pudak
edaralary tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilişini
gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlary boýunça durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün
etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow
ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna
çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan
nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 107,1 göterime deň boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 122,7
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň
meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa
106,7 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod
serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri
görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz
toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, gazylyp alynýan
ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň
ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime
deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,3 göterime, Daşky
gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,6 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
109,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, Azyk senagaty döwlet
birleşigi boýunça 108,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet
birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5
göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,2
göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek,
gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we gök
ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek babatda degişli
işler alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak
möwsümine guramaçylykly girişildi. Şeýle hem welaýatlarda suwaryş, şor suw
akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça zerur işler
geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly agrotehniki çäreleri öz wagtynda
geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak
möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan
öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,7 göterim
berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň
we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi boýunça 122,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça
109,4 göterim boldy. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet
konserni boýunça bu görkeziji 158 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň
häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 119,4 göterim amal
edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň,
binagärlik, taslama we gurluşyk babatda bellenen kadalaryň berjaý edilişine
gözegçiligi üpjün etmegiň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegi
üçin geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän elektrik energiýasynyň
möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, awtomobil ýollaryny gurmak
hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmegi, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga
beriljek binalardyr desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyna berk
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda,
telekeçilik ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,7 göterime, öndürilen önümleriň
ösüş depgini 100,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça
önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterim,
şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah matalaryňkyda 100,1
göterim, gön önümleriniňkide 103,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,5
göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe
50 birža söwdasy geçirilip, olarda 4 müň 876 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Söwda-senagat
edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 128,1 göterime barabar
boldy. Hasabat döwründe bir sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 107,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,3
göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda
toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, bazarlarda we
söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe
gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. “Dokma senagaty kärhanalarynda
ýokary hilli önümleri öndürmek işine üns bermek, hususy pudagy ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak zerurdyr” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa
gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly
diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli
senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli
dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Kinoteatrlarda, kinokonsert
merkezlerinde kino görkezilişleri, konsertler geçirilip, kitaphanalarda,
muzeýlerde, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar
hödürlenildi.
“Bedew bady: güýç hem gözellik” atly Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döwletara telewizion filmleriniň bäsleşigi
yglan edildi. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeniýet ojaklarynda
Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan birnäçe çäreler we
dabaralar, şol sanda Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň
hepdeligi geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam
bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň Türki medeniýetiň halkara
guramasynyň (TÜRKSOÝ) iki sany ýörite baýragyna mynasyp bolmagyna bagyşlanyp,
paýtagtymyzda dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar
köşgünde Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýüpek
ýoly karnawaly — Bahar baýramy festiwaly” atly bilelikdäki medeni çäre
geçirildi. Italiýanyň Rim şäherinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary”
atly arheologik sergi öz işini dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet
ulgamynyň işini döwrebap alyp barmak boýunça zerur çäreleri dowam etdirmegiň,
kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda sanly ulgamyň
mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, öwrenmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, göz öňünde tutulan medeni
çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow
gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň
öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge
gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders,
internet bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejedäki medallary gazandylar.
Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen sanly ulgam
arkaly duşuşyklar, maslahatlar, okuw sapaklary geçirildi. Ylym ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary
boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine
dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ylmyň we
tehnologiýalaryň wajyp ugurlary boýunça barlaglar alnyp baryldy.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş
edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly
lukmançylyga ornaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar,
bejergiler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa
boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty ýokary derejede
geçirildi. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler hem dowam etdirildi.
Ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 23 medal gazandylar. “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli
ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň
ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylymlaryny
ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda giň gerimli işler
amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
ýaş nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge
uly ähmiýet berilýändigini, şoňa görä-de, bilim bermegiň hilini has-da
ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.
“Ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy
üns merkezinde saklamak, sporty ösdürmäge aýratyn üns bermek, saglygy goraýyş
ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny
goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk
diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny”
tassyklamak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we
halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde
goýýan wezipelerini, tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler
ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Mälim
bolşy ýaly, ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar ýurdumyzyň halkara
hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň
fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň
guralandygy bellenildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan
dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň
dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara
saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk
guramasynyň Baş direktorynyň ýurdumyzda saparda bolandygy aýdyldy. Hasabat
döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 66 wekiliýet döwletimize
sapar bilen geldi we Türkmenistandan 165 wekiliýet daşary ýurtlarda boldy. Şu
ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň
73-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar,
halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 291-si
guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti
halkara resminamalaryň 20-si bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary
syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler
yzygiderli amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we
Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň
derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş
sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hindistan
Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň
daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Daşary ýurt döwletleriniň
ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda
täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny
gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky ilçisi
hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik
wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, ählumumy
abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, dünýäniň ähli
döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli
hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine
dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer,
ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp
barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew
gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa
toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3
göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly
ýük daşamagyň ösüş depgini 101,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini
bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary
ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime,
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 126,2 göterime,
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,7
göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 113,8
göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 113,2 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenistanyň çäginden
geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam
etdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak
boýunça işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
wise-premýere aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň
talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri
görkezendigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata
Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär,
ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär,
önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary
gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar
gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki
önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma
bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk
pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş,
sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. “Şeýle
hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek
maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli
işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda Halkara
zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar gününi dabaraly bellemek we
8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek barada
resminama gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz eziz
enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.