Düýn – 24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyny, saýlawlaryň kämilleşdirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.