milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.04.2022 961 Habarlar

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günler hormatly Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy täze kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenýändigini belledi. Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen kitabyň ähmiýetini nygtap, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy täze eseriniň neşir edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, şeýle kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdi.