22-nji maýda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde durýan wezipeleriň
möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçdi.
Milli
Liderimiz Türkmenistanda ykdysady taýdan durnukly ösüşi saklamak üçin
toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň wajypdygy barada aýdyp, pudaklaryň
köpugurly esasda ösdürilmegini, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümleriniň
sanawynyň we eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän guralyň
kämilleşdirilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki şertlerde ulag
pudagynyň durnukly ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini belläp, logistika
ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek barada birnäçe görkezmeleri berdi.
Bitaraplygyň
25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de olaryň bellenen
möhletinde tamamlanmagy ýakyn geljek üçin möhüm wezipe bolup durýar. Şunlukda,
şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini
üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.