milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.12.2018 862 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň wajyp meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmegi ugur edinýär hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda amala aşyrylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri hem-de oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň mukdaryny artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de obasenagat ulgamynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlaryny çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmaga, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradowa ýüzlenip, onuň indi bir ýyla golaý wagt bäri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işländigini, emma ýeterlik derejede gözegçilik etmändigi hem-de işe jogapkärçiliksiz garamagy netijesinde tabynlygyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň düýpli ýaramazlaşandygyny belledi.

Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplum, şeýle hem käbir beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe meseleleri çözülmän gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary tarapyndan döwlet emlägini ogurlamak, para almak, artdyryp ýazmak halatlarynyň ýüze çykandygyny aýtdy. Netijede, dokma senagaty ministri para alandygy üçin eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň işine berlen seljermeden ugur almak bilen, degişli Permana gol çekip, K.Durdymyradowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek wise-premýer M.Çakyýewiň üstüne ýüklenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, H.Mergenowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin senagat ministri wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek senagat ministriniň orunbasary T.Dürhanowyň üstüne ýüklenildi.