15-nji noýabrda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin Döwlet
býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem
mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri
we daşary syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.