4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine parlamentiň Başlygynyň hem-de wise-premýerleriň we häkimleriň ünsüni çekip, umumymilli forumyň guramaçylygy bilen baglanyşykly ähli meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Biz maslahatda Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň örän möhüm meselelerine seredip, degişli kararlary kabul ederis. Bu kararlar ýurdumyzyň syýasy ulgamyny has-da kämilleşdirmek we jemgyýetimizde demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine ünsi çekip, olaryň dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlara garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň üstünlikli ösmegini dowam edýändigini görkezýär diýip belledi. Häzirki döwürde depginli geçirilýän makroykdysady syýasat ýurdumyzy uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna jemi içerki önümiň 5,7 göterim ösüşini gazanmagy üpjün etdi.