25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir
möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik
edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň we beýleki döwlet kärhanalarynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, elektron
hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny
üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.